Düzgünnama

Ulanyjy ylalaşygy

Garagum.com.tm onlaýn markediň hyzmatlaryndan peýdalanmazdan ozal şu Ylalaşygy üns bilen okamagyňyzy haýyş edýäris.

Bu Ulanyjy Ylalaşygy (mundan beýläk Ylalaşyk) bir tarapdan Garagum.com.tm onlaýn markedi (mundan beýläk Garagum.com.tm ýa-da Administrasiýa), beýleki tarapdan saýtyň Ulanyjysy arasynda baglaşylýar.

1.Esasy düzgünler

  • Bu Ylalaşyk, Ulanyjy Saýtdaky mazmuny ulanyp başlan pursatyndan başlap (Ulanyjy hasaba alynmadyk ýagdaýynda-da) baglaşylýar.
  • Saýtdan peýdalanmak bilen, Ulanyjy bu Ylalaşygyň şertleri bilen razylaşýar.
  • Ulanyjy Ylalaşygyň islendik şertleri bilen razylaşmasa Ylalaşyk baglaşylmaýar we Ulanyjynyň Garagum.com.tm saýty ulanmaga hukugy bolmaýar.
  • Administrasiýa şu Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hukugyny özünde saklaýar.
  1. Ulanyjynyň hukuklary:
  • Saýtda görkezilen islendik harydy sargyt etmek.
  • Saýtda maglumatlary gözlemek.
  • Saýtda maglumatlary almak.
  • Saýtdaky maglumatlary täjirçilik däl maksat bilen ulanmak.
  • Ulanyjynyň sargyt edilen önümi Ulanyja ibermezden ozal Administrasiýa bu barada öňünden habar bermek bilen (telefon ýa-da elektron poçta arkaly) islän wagty ýüz öwürmäge hukugy bar.
  1. Administrasiýanyň hukuklary:
  • Saýtda maglumat döretmek, üýtgetmek, pozmak, şeýle hem islendik maglumaty çäklendirmek.
  • Ylalaşygyň şertlerini bozmagy ýa-da bikanun hereketleri etmegi halatynda Ulanyjynyň hasabyny pozmak.
  1. Ulanyjynyň borçlary:
  • Saýtdan peýdalanýan wagty Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etmek.
  • Şahsy maglumatlaryň üçünji taraplara garşy howpsuzlygyny üpjün etmek.
  • Hasabyny we / ýa-da hasabynyň giriş we parolyny ulanmak üçin üçünji taraplara geçirmezlik.
  • Hakykatda şol bir adama degişli bolsa, saýtda birnäçe hasap döretmezlik.
  • Saýtyň işjeňligi bozmazlyk.
  • Awtomatiki maglumat ýygnamak we / ýa-da Saýt we onuň hyzmatlary bilen aragatnaşyk saklamak üçin skriptleri (programmalary) ulanmazlyk.
  1. Administrasiýanyň borçlary:
  • Administrasiýa bagly bolmadyk sebäplere görä mümkin bolmadyk ýagdaýlardan başga saýtyň işlemegini üpjün etmek.
  • Ulanyjy hasabynyň hemmetaraplaýyn goragyny üpjün etmek.
  • Duýduryş bermek ýa-da düzgünleri bozýan ulanyjynyň hasabyny pozmak arkaly ýaýradylmagy kanun tarapyndan çäklendirilen ýa-da gadagan edilen maglumatlary goramak.
  • Fors-mažor ýagdaý ýüze çykan ýagdaýynda (Adatdan daşary ýagdaý, tebigy betbagtçylyk we ş.m.) administrasiýa Ulanyjy tarapyndan iberilen maglumatlaryň howpsuzlygyny, şeýle hem maglumat çeşmesiniň üznüksiz işlemegini kepillendirmeýär.
  1. Alnan maglumatlar we ulanylyşy:
  • Hyzmatlary ulanýan döwürde Ulanyjylara ýokary hilli hyzmatlar bermek üçin aşakdakylary görkezmeli:
  1. Ady, familiýasy;
  2. Elektron bukjanyň salgysy;
  3. Jynsy, doglan senesi;
  4. Eltmeli salgysy.

 

  • Saýtda alynan maglumatlar aşakda görkezilen maksatlar üçin ulanylýar:
  1. Ulanyjynyň şahsy hasabyny ýöretmek üçin.
  2. Sargydy amala aşyrmak we Ulanyjy bilen gatnaşygy saklamak.
  3. Ulanyja sargytlar, hyzmatlar we arzanlaşyklar barada habar bermek.
  4. Bazaryň talaplaryny öwrenmek we laýyk gelýän teklipleri bermek.
  5. Marketing seljerişini geçirmek.
  6. Ylalaşygyň hereket ediş şertleri:
  • Bu ylalaşyk şu saýty islendik görnüşde ulanmak bilen güýje girer.
  • Ylalaşyk täze wersiýasy çykanda hereket etmegini bes edýär.
  • Administrasiýa bu ylalaşygy öz islegi boýunça birtaraplaýyn üýtgetmek hukugyny özünde saklaýar.
  • Bu Ylalaşygyň islendik görnüşde üýtgedilmegi ýagdaýynda, Administrasiýa özi üçin amatly usulda ulanyjylara habar berer.

Bu Ylalaşyk: https://garagum.com.tm/policy/ salgysy boýunça ýerleşýär.

Täzelendi: 2022-nji ýylyň 1-nji fewraly

Aşgabat, Türkmenistan.